Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda, maýa goýum, işewürlik mümkinçilikleri boýunça forum başlandy

Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda, maýa goýum, işewürlik mümkinçilikleri boýunça forum başlandy

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forum öz işine başlady. Ol döwlet we işewür düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.

Forumyň esasy maksady Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň ýeten sepgitlerini görkezmek we ýurduň mümkinçiliklerini açmaga gyzyklanma bildirýän täze işewür düzümleri çekmek üçin amatly meýdança döretmekden ybaratdyr. Foruma gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýup bilerler.

Bu çäre ösüp gelýän bazarlarda durnukly ykdysady ösüşi goldamaga ýöriteleşen “Nielsonsmith” kompaniýasy bilen bilelikde guralýar. Forum Türkmenistanda öňden bäri işläp gelýän, şeýle hem öz işewürlik çägini giňeltmäge, ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we döwlet hem-de hususy düzümler bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalary özüne çekdi.

Foruma gatnaşýandyklaryny tassyklanlaryň hatarynda “BP”, “Auguste Energy”, “Buried Hill”, “Mitro” we “Çalik Enerjy” ýaly iri kompaniýalar bar.

“ADIPEC” sergisi tamamalanan soň öz işine başlan forum, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada özara pikir alyşmak üçin goşmaça mümkinçilik döretdi.

Ýene degişli makalalar

Abu-Dabide Türkmenistanyň täjirçilik, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri boýunça global forum geçirilýär
Abu-Dabide Türkmenistanyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri boýunça forum geçirer
Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda, işewürlik we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçiriler
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Aşgabatda Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary atly halkara maslahat geçiriler