Abu-Dabide türkmen-emirlikler syýasy geňeşmesi geçirildi

Abu-Dabide türkmen-emirlikler syýasy geňeşmesi geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 21-nji noýabrda BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Şeýh Abdullah bin Zaýed Al Nahaýýan tarapyndan kabul edildi.

BAE-niň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ykdysady, söwda, maýa goýum, energetika ýaly birnäçe ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýh Abdullah bu saparyň möhüm pudaklarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berdi.

Taraplar halkara guramalaryň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de sebitara we halkara derejede gyzyklanma bildirilýän birnäçe meselä garaldy.

Duşuşyga energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Bin Muhammet Al Mazrui hem-de döwlet ministri Ahmed Bin Ali Al Saýeg hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy