“ABŞ, Ysraýylyň Edýän Jenaýatlarynyň Şärigi”

“ABŞ, Ysraýylyň Edýän Jenaýatlarynyň Şärigi”

Eýranyň Daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän Ali Bakyri, ABŞ-ny Gaza parahatçylyk gepleşiklerinde töwellaçy däl, eýsem Ysraýyla ýarag satýan, onuň jenaýatlarynyň şärigi hökmünde kabul edýändiklerini aýtdy.

Bakyri X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Aburrahman Al Sani bilen geçiren telefon söhbetdeşligi hakynda maglumat berdi.

Katarly kärdeşi bilen Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin Dohada geçirilýän gepleşikler hakynda pikir alyşandygyny aýdan Bakyri, “ABŞ bilen Ysraýylyň gepleşiklerde içgin çemeleşmeýändigine ünsi çekdi.

Bakyri, ABŞ-ny parahatçylyk gepleşiklerinde töwellaçy däl eýsem Ysraýylyň edýän jenaýatlarynyň şärigi hökmünde kabul edýändiklerini nygtap, Gaza guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin Tel-Awiwde garşy alnyp barylýan tutumyň güýçlendirilmelidigini ýatlatdy.

Iki kärdeş Kataryň paýtagty Dohada geçirilýän parahatçylyk gepleşikleriniň çäginde soňky iki günde ikinji gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi
Hamas Ysraýylyň Ylalaşygyň Öňüne Bökdençlikler Goýýandygyny Beýan Etdi
Gaza we Günbatar Şeria ylalaşykdan soň Ysraýylyň pajygaly howa hüjümine sezewar boldy
Ýemendäki Husiler Ysraýyla Hüjüm Gurady
"Gazada ylalaşyk gepleşiklerinde “çeýelik” zerur"