ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Harris, Hamasyň Ysraýyla garşy guraýan hüjümlerini ýazgaryp, Ysraýylyň howpsuzlygy üçin berýän goldawlaryny dowam etdirjekdiklerini aýtdy.
Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannama görä, Harris, Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersog bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Harris telefon söhbetdeşliginde Hamasyň guraýan hüjümlerinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi we ýaralananlara şypa diledi.
“Elhenç we deňi taýy bolmadyk” hüjümleri ýazgaran Harris, “Şuňa meňzeş hüjümler asla mamla görkezilip bilinmez” diýdi.
Harris, ABŞ-nyň Ysraýylyň howpsuzlygyna goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.
ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, Hamasyň başladan hüjümlerine garşy Ysraýyla kömek bermek maksady bilen uçar gämisiniň Gündogar Ortaýer deňizine ugradylmagy barada görkezme beripdi.
Hamasyň harby topary Kassam, şenbe güni ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.
Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.
Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.
Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem ýüzlerçe adam ýogaldy.