ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahuýa, Eýran tarapyndan goldanýan toparlara garşy doly goldaw berýändiklerini aýtdy.
Ak Tamdan berlen beýannama görä, Prezident Jo Baýden, Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşligine ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamara Harris hem gatnaşdy.
Beýannamada, Jo Baýdeniň Ysraýylyň howpsuzlygyna doly goldaw berýändigi nygtaldy.
Beýannamada “Prezident, Eýran we tarapdarlary Hamas, Hizbullah we Husiler ýaly terror guramalary tarapyndan abanýan ähli howplara garşy Ysraýylyň howpsuzlygyna doly goldaw berýändigine ünsi çekdi” diýildi.
Beýannamada, “Baýden bilen Netanýahu, esasan balistiki raketa we uçarmansyz howa ulaglaryna garşy Ysraýyla täze harby kömegiň berilmegi barada hem pikir alyşdy”diýildi
Beýleki tarapdan Prezident Baýden telefon söhbetdeşliginde, Ýakyn Gündoagrda dartgynlygyň gowşamagy üçin edilýän tagallaryň ähmiýetine ünsi çekdi.
Beýannamada, Hamasyň syýasy lideri Heniýýeniň janyna kast edilmeginden soň ilkinji gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Baýden bilen Netanýahunyň mesele hakynda pikir alyşyp alyşmandygy barada maglumat berilmedi.