ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan, güýç merkezi Hataýda bolan 6,4 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň ýurdunyň berýän goldawlarynyň dowam etjekdigini mälim etdi.
Jeýk Salliwan Twitterden beren habarnamasynda “Türkiýede we Siriýada onsuz hem haraba öwrülen sebitlerde düýn ýene-de ýer titremeleriniň bolmagy bizi çuňňur gynandyrýar” diýdi.
Salliwan, ýer titremeleri zerarly ABŞ-nyň doly goldaw bermäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.
Düýn Hataýyň Defne etrabynda Türkiýe wagty bilen 20.04-de we Türkiýe wagty bilen 20.07-de hem Samandag etrabynda 5,8 bal ululygynda iki ýer titremesi boldy.
Ýer titremeleri Siriýada, Iordaniýada, Yrakda, Palestinada, Ysraýylda we Müsürde hem duýuldy.