ABŞ Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýän, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriň diňe Türkiyä we Siriýa däl, eýsem bütin dünýä ýaramaz täsir ýetirendigini habar berdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, gündelik metbugat ýygnagynda ýer titreme bilen bagly materiallaryň özünde çuňňur täsir galdyrandygyny belläp: "Harabalyklar we adam pidalary göz öňünde tutulanda bu ýer titremeler diňe Türkiyä we Siriýa däl, eýsem bütin dünýä ýaramaz täsir ýetirdi" diýip mälim etdi.
ABŞ-nyň Türkiyede we Siriýada gözleg, halas ediş we kömek bilen tagallary goldamak maksady bilen goşmaça enjamlaryň we çeşmeleriň ugradylandygyny aýdan Praýs: "Kyn şertlerde gije-gündiz diýmän gözleg we halas ediş toparlarynyň ajaýyp yhlasyna ýokary baha berýäris" diýip nygtady.
Ned Praýs BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Türkiyeden geçýän ynsanperwer kömek geçelgeleri bilen birlikde, halkara jemgyýetçiligiň Siriýada ýer titremäniň täsir ýetiren sebitlerine kömekleriň ýetirilmegi üçin ähli güýji bilen zähmet çekmek babatynda ahlak taýdan bir jogapkärçiliginiň bardygyny beýan etdi.
"Bu syýasy däl, ynsanperwer bir meseledir" diýip aýdan Praýs, serhetaşa has köp ynsanperwer kömek geçişleriniň, has köp adamyň janyny halas etjekdigini belledi we dünýäniň çar tarapyndaky ýurtlara Türkiyäniň we Siriýanyň halklaryny goldamak üçin ellerinden gelen ähli kömegi etmekleri barada çagyryş berdi.
Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň paýtagty Boston şäherinde käbir simwol köprüler gyzyl-ak reňkler bilen şöhlelendirildi.
Türkiyäniň Boston şäherindäki Baş konsullygy: "Boston şäherinde simwol köprüler ýer titreme zerarly baýdagymyzyň reňkleri bilen şöhlelendirildi. Bu raýdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirýäris" diýip habar berdi.