ABŞ Ýaponiýa 3,64 milliard dollarlyk zenit raketasyny satar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Ýaponiýa täze ýaragyň satylmagyny tassyklady.
Şertnama laýyklykda ABŞ Ýaponiýa “AIM-120 D-3” we “AIM-120 J-8” raketasy bilen degişli enjamlary satar.
Ady agzalýan ýarag satuwy bilen Ýaponiýanyň gelejekde abanyp biljek howplara garşy özüni we ýurtda iş alyp barýan amerikaly hünärmenleri goramak mümkinçiliginiň artdyrylmagy maksat edinilýär.