ABŞ Ýakyn Gündogardaky Ýagdaý Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar

ABŞ Ýakyn Gündogardaky Ýagdaý Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny we sebitde dartgynlygyň azaldylmagy ugrunda tagalla edilýandigini habar berdi.

Ministrligiň metbugat sekretarynyň orunbasary Sabrina Singh beren beýannamasynda ABŞ-nyň dartgynlyk möwjän halatynda Ysraýyly we Amerikan güýçlerini goramaga taýýardygyny aýtdy.

ABŞ-nyň sebitdäki harby pozisiýasyny güýçlendirendigini nygtan Singh; “Möwç alýan sebitleýin dartgynlyk şertlerinde ýüzöwürdijilik hem-de Ysraýylyň goranyşy üçin pozisiýa eýeläp, sebitdäki dartgynlygy azaltmak ugrundaky tagallamyzy dowam etdirýäris” diýdi.

Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdiklerini nygtan Singh; “Ysrtaýyla hüjüm edilen halatynda, hökmany suratda Ysraýyly goramaga geleris” diýdi.

Singh ABŞ-nyň sebitdäki harby pozisiýasyny güýçlendirmeginiň “ýüzöwürdiji we sebitleýin dartgynlyk islemeýändigini görkezmek maksatlydygyny” nygtap, Gazada hüjümleri bes etmek üçin tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini sözleriniň üstüne goşdy.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin ýadro ýangyjy bilen işleýän we F-35 harby uçarlaryny göterýän “USS Abraham Linkoln” gämisiniň Ýakyn Gündogarda jogapkär bolan sebitine gysga wagtda gitmegi üçin görkezme berendigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Ostin bilen duşuşyk geçirdi
ABŞ-nyň Yrakdaky we Siriýadaky Harby Bazalaryna 58 Hüjüm Guraldy
Abrams Tanklarynyň Ukraina Gowşurlyş Işleri Birnäçe Aý Dowam Edip Biler
Hindistanyň iň baý maşgalasynyň näçe pulunyň bardygy belli boldy
Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Milli güni bilen gutlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny