ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçarlaryny Ornaşdyrdy

ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçarlaryny Ornaşdyrdy

SENTKOM-uň sosial media hasabyndan berilen beýannamada ABŞ-nyň Harby howa güýçlerine degişli F-22 kysymly harby uçarlaryň sebite barandygy mälim edildi.

Beýannamada “F-22 Raptor uçarlarynyň Eýranyň ýa-da onuň wekilleriniň sebitleýin dartgynlygy artdyrma ähtimallygyny azaltmak üçin” sebitdäki Amerikan güýçlerinin pozisiýa üýtgetmesiniň çäginde SENTKOM-yň jogapkärçiligindäki zolaga barandygy habar berildi.

Sebite näçe sany F-22 uçarynyň ugradylandygy ýa-da olaryň haýsy ýurda-ýurtlara ornaşdyrylandygy hakynda maglumat berilmedi.

Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy İsmail Haniýýa 31-nji iýulda Eýranyň paýtagty Tähranda janyna kast edilip öldürilipdi.

Eýran we Hamas hüjümiň aňyrsynda Ysraýylyň bardygyny beýan edip, resmi Tähran Tel-Awiwe garşylyk görkezjekdigini duýdurypdy.

Beýleki tarapdan SENTKOM-uň Serkerdesi general Mişel Erik Kurillanyň Eýran bilen dartgynlygyň dowam edýän günlerinde Ysraýyla gaýtadan sapar gurandygy habar berildi. Soňky gezek 5-nji awgustda Ysraýylda saparda bolan Kurilla, Goranmak ministri Ýoaw Gallant we Baş ştabyň başlygy Herzi Halewi bilen duşuşypdy.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň gullugynyň başlygy Günbatar Şerianyň uruş zolagyna öwrülendigini duýdurdy
Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Hamas Ysraýyl bilen gepleşikleri palestinaly tussaglar boşadylýança bes etdi
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Pezeşkiýan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
“Tahran Uly Ýalňyşlyk Etdi we Jerimesini Çeker”