ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloý Ostin Ýakyn Gündogardaky dartgynlykdan soň “USS Abraham Linkoln” uçar gämisiniň jogär bolab sebitine ugradylmagy üçin görkezme berdi.
ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden berilen beýannama görä Ostin ysraýylly kärdeşi Ýoaw Gallant bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ysraýylyň howpsuzlygy üçin ABŞ-nyň “ähli başlangyçlary etjekdigini” beýan eden Lloýd Ostin, ýadro ýangyjy bilen işleýän we F-35 harby uçarlary bilen üpjün edilen “USS Abraham Linkoln” gämisiniň hem Ýakyn Gündogarda jogapkär bolan sebitine gidişiniň çaltlandyrylmagy üçin görkezme berendigini aýtdy.
Ostin şeýle hem “USS Jorjiýa” deňiz asty gämisiniň hem ABŞ-nyň Merkezi güýçlerine degişli sebite ugradylandygyny beýan etdi.
Gallant we Ostin Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri, ylalaşyk gepleşikleri we Hizbullahyň işleri hakynda-da pikir alyşdy.
Ysraýylyň geçen aýyň ahyrynda Liwanyň paýtagty Beýrutda Hizbullahyň ýokary derejeli serkerdesi Fuad Şüküre guran howa hüjüminden soň Hamasyň Syýasy býurosynyň Başlygy İsmail Haniýýanyň Eýranyň paýtagty Tähranda janyna kast edilmegi bilen sebitde dartgynlyk möwjäpdi.
Haniýýanyň janyna kast edilmeginden Ysraýyly jogapkar saýan Eýran we Liwan Hizbullahy Tel-Awiwe ar alyş hemlesini atypdy.