Pentagonyň metbugat sekretarynyň orunbasary Sabrina Sinh gündelik metbugat ýygnagynda; “Goranmak ministrligi sebitde agressiwlikden el çekdirmek we sebitleýin uruş howpuny azaltmak üçin Ýakyn Gündogardaky Amerikan güýçleriniň üstüni ýetirmek maksady bilen başlangyçlar edýär” diýdi.
Sebitde ýerleşýän we dolanmaly wagty gelen “USS Abraham Linkoln” uçar gämisiniň ýerinde galmagy üçin görkezme berilendigini aýdan Sinh, sebite şeýle hem goşmaça harby uçarlary hem-de “birnäçe müň” harby gullukçynyň ugradylcakdygy beýan edildi.
Sinh şeýle hem Pentagonyň ähtimallyklara gaýtawul görkezmek boýunça taýýarlyklary ýokary derecä götermek üçin ABŞ-daky harby birikmelerin sebite ornaşdyrylmagy üçin degişli çäreleriň görülendigini aýtdy.