ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Ministr Alehandra Maýorkas Wenesuelany 2022-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli 18 aý boýunça Wagtlaýyn gorag statusy beriljek ýurtlaryň sanawyna goşdy" diýip mälim edildi.
Içeri howpsuzlyk ministrliginiň şertlerini ýerine ýetirýän we häzirki wagtda ABŞ-da ýaşaýan wenesuelalylaryň, bu status üçin ýüz tutyp biljekdikleri bellenen beýanatda: "Bu karar Wenesuelada adamlaryň yzyna gaýdyp barmagynyň öňüni alýan adatdan daşary we wagtlaýyn ýagdaý sebäplidir" diýip habar berildi.
ABŞ-da takmynan 320 müň wenesuelaly bosgun ýaşaýar.