
Ýokary derejeli ukrainaly resmilerden biri Ukrainada ABŞ bilen minerallar ylalaşygynyň şertleri boýunça ylalaşandyklaryny we ylalaşyga anna güni Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň Waşingtona gurajak saparynyň dowamynda gol çekişiljekdigini aýtdy.
Ukrainaly resmilerden biri “AFP” habarlar gullugyna beren beýanatynda ylalaşygyň ABŞ-nyň Ukrainanyň mineral baýlygynyň bilelikde kämilleşdirilmegini we girdejileriň “Ukraina we Amerika üçin şäriklikde” döredilen gazna geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Ukrainaly resmä salgylanýan “Waşington Post” gazeti ylalaşygyň ozal teklip edilenlerden “has amatly şertleriniň” bardygyny ýazdy.