ABŞ we Russiýa Howpsuzlyk Kepillendirmelerini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

ABŞ we Russiýa Howpsuzlyk Kepillendirmelerini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rybakow ABŞ-nyň döwlet Sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa işlerinden jogapkär orunbasary Karen Danfried bilen howpsuzlyk kepillendirmeleri boýunça maslahat geçirdi.

Rybakow Moskwada resmi saparda bolýan Danfried bilen ministrlikde metbugata ýapyk häsýetde duşuşyk geçirdi. Duşuşykdan soň berilen beýannamada; “ABŞ-nyň we NATO-nyň Ýewropadaky harby-syýasy şertleri öz bähbidine üýtgetmek ugrundaky synanşyklary dowam edýärkä howpsuzlyk kepillendirmeleri meselesi giňişleýin seljerildi” diýilýär.

Danfried Russiýa saparyndan ozal Ukrainanyň paýtagty Kiýewde saparda bolupdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin 7-nji dekabrda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçiren onlaýn duşuşygynda, NATO-nyň gündogara tarap giňelmejekdigi we Russiýa goňşy ýurtlarda ýarag ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň öňüniň alynmagy boýunça kepilnama talap edipdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Ukraina Russiýa Bilen Söweşde Iň Agyr Gyşyny Başdan Geçirip Biler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO-nyň Ýadro Türgenleşigi Başlaýar
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Putin Günbataryň howplaryna jogap berjekdiklerini aýtdy
NATO-nyň Täze Baş Sekretary Rutte Ilkinji Resmi Saparyny Ukraina Gurady