Ak Tamdan berilen ýazmaça beýanata görä, ABŞ-nyň Milli Howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili bilen duşuşyk geçirdi.
Geçirilen duşuşykda Gruziýanyň Ýewro-Atlantik integrasiýasynyň taraplaryň ikisi tarapyndan hem goldanýandygy bellenip, Gruziýanyň Ýewropa Bileleşigine agzalyk tapgyry üçin amala aşyrýan reformalarynyň hem ele alynandygy habar berildi.
ABŞ-nyň Gruziýadaky jedelleşikli daşary ýurtly agent kanun taslamasynyň yzyna çekilmeginden hoşaldygynyň nygtalan duşuşykda, Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşi hem gün tertibe getirildi.
Duşuşykda taraplaryň Ukraina garşy başladan söweşi sebäpli girizilen ykdysady sanksiýalaryň dowam etdirilmegi we resmi Moskwanyň basyşy duýmaga dowam etmeginiň gerekdigi meselesinde ylalaşyk gazanandyklary bellenip, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Ukrainadaky söweşiň jogapkäri hökmünde kabul edilmelidigi beýan edildi.