Ak Tamyň Milli howpsuzlyk aragatnaşygy boýunça maslahatçysy Jon Kirbi geçiren metbugat ýygnagynda 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa urşy barada beýannama berdi.
Jon Kirbi ABŞ-nyň hökümetiniň Ukrainanyň Russiýanyň territoriýasynda uzak aralykly raketalaryň ulanylmagy babatynda rugsatnamanyň berilendigi bilen bagly habarlary ilkinji gezek tassyklady.
Bu meseledäki syýasatlaryny üýtgedendiklerini aýdan Kirbi: "Häzirki wagtda Ukrainanyň goşuny uzak aralykly Gury ýer taktiki raketa ulgamlaryny (ATACMS) gyssagly gerek bolan halatynda özlerini goramak üçin ulanyp bilýärler we bu ýagdaý Kursk sebitinde amala aşyrylýar" diýip habar berdi.
Kirbi ady agzalan raketalaryň ulanylmagy babatynda jikme-jik maglumat berip bilmejekdikleirni aýdyp: "Ukrainalylar ATACMS ulgamlaryny nähili ulanýandyklary, nyşanalary nähili kesgitleýändikleri babatynda özleri maglumat bererler" diýip belledi.
Geçen hepde ABŞ-nyň metbugatyna beýanat beren we şahsyýetleri aýan edilmedik käbir ABŞ-ly resmiler, Ukrainanyň uzak aralykly Amerikan ýaraglaryny çäklendirilen görnüşde Russiýanyň territoriýasynda ulanmaga mümkinçilik berjek rugsatnamanyň berilendigini habar beripdiler, emma bu babatda resmi beýanat berilmändi.
ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Donald Tramp, wezipä başlan mahaly Russiýa-Ukraina urşuny bes etmek bilen bagly ädimler etjekdigini we bu urşuň mundan beýläk uzamagyny islemeýändiklerini beýan edipdi.