ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ýurdunyň Ukraina berýän goldawyny dowam etdirjekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagondan berlen beýannamada, iki kärdeşiň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
Beýannamada, iki kärdeşiň Russiýanyň guraýan raketa hüjümleriniň Ukrainanyň şäherlerine we infstruktura ýetirýän ýaramaz täsirleri, Ukraina goşmaça howa goranyş ulgamlarynyň berilmegi barada hem pikir alyşandygy ýatladyldy.