Ukrainanyň Daşary işler ministri Abdriý Sibiga Krym platformasynyň 4-nji Liderler sammitine gatnaşmak üçin Kiýewe baran ABŞ-nyň Döwlet sekretary Binken we Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Lammy bilen bilen bilelik metbugat ýygnagyny geçirdi.
Sibiga myhman ministrler bilen ýurdunda dowam edýän uruş hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.
Duşuşykda Ukrainanyň goranyş ukyplaryny güýçlendirjek başlangyçlar hakynda pikir alyşylandygyny nygtan Sibiga, Ukrainanyň goşuny üçin ýerli önümçiligiň we ýaraglaryň satyn alynmagy boýunça maýa goýumlaryň artdyrylmagynyň möhümdigini nygtap; “Ol, ukraina berilýän harby kömegi çaltlyk bilen artdyrmagyň we ýaranlarymyzyň serişdelerini goramagyň ýollaryndan biridir” diýdi.
Blinken bolsa Ukrainanyň günbatar ýurtlarynyň beren uzak aralykly ýaraglaryň ulanylmagy boýunça talap eden rugsady hakynda ukrainaly liderler bilen pikir alyşandyklaryny, bu maglumatlary ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene ýetirjekdigini aýtdy.
Entoni Bilinken 13-nji sentýabr anna hüni Baýden bilen Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmerin Waşingtonda duşuşjakdygyny we Ukrainanyň uzak aralykly ýarag ulanmak hakynda talaplaryny hem ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny beýan etdi.
Blinken rus hüjümleri sebäpli zyýan çeken energetika ulgamynyň abatlanmagy üçin 325, ynsanperwer kömek üçin 290 we mina saplaýyş işleri üçin 102, jemi 717 million dollar kömegiň Ukraina beriljekdigini mälim etdi.
Britaniýanyň Daşary işler ministri Lammy bolsa Ukraina ýyllyk 3 milliard funt sterlinlik harby kömek berjekdiklerini aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Binken we Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Lammy Ukraianyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý tarapyndan hem kabul edildiler.