ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ukraina 31 sany M1 Abrams tankyny berjekdiklerini mälim etdi
Jo Baýden, Ak Tamda metbugata beren beýannamasynda, Ukrainanyň öz territoriasyny we howpsyzlygyny goramagy üçin dünýäniň iň güýçli tanklary hökmünde bilinýän M1 Abrams tanklaryny berjekdiklerini aýtdy.
Baýden, tanklaryň bejergisiniň we ulanylmagynyň diýseň çylşyrymlydygyny we şol sebäpli hem ukrainaly esgerlere gysga wagtda tälim berjekdiklerini nygtady.
Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Praýs, beýleki ýaraglarda bolşy ýaly “şol ýurduň diňe öz territoriasyny goramagy üçin ulanmak şerti bilen” Ukraina M1 Abrams tanklarynyň beriljekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň Abrams tanklary meselesinde kabul eden kararynyň yzy ýanyndan Germaniýa hem Ukraina Leopard 2 tanklaryny berjekdigini mälim edipdi.