
ABŞ, öz inwentaryndan Ukraina 200 million dollarlyk harby kömek berer.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, beren ýazmaça beýannamasynda, Ukraina 200 million dollarlyk harby kömegiň beriljekdigini mälim etdi.
ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon hem harby kömegiň, Patriot howa goranyş ulgamlaryny, topçu we tank enjamlary bilen ululy-kiçili ýaraglary öz içine alýandygyny mälim etdi.
ABŞ, Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan güni bolan 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Ukraina 43 milliard dollardan gowrak harby kömek berdi.