ABŞ Türkmenistany din azatlygy boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna ýene goşdy

ABŞ Türkmenistany din azatlygy boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna ýene goşdy

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 17-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýratyn alada bildirilýän sanawa girizilen ýurtlarda din azatlygynyň “sistematik görnüşde, yzygiderli we gözçykgynç bozulandygyny” aýtdy.

Bu ýyl sanawa Birma, Hytaý, Eritreýa, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Russiýa, Saud Arabystany, Täjigistan we Türkmenistan girizildi.

Ýurt raýatlarynyň din-wyždan azatlyklaryny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri ýurduň ABŞ Döwlet departamenti tarapyndan Aýratyn alada bildirilýänleriň sanawyna girizilmegi barada beýanat bermeýärler.

Türkmenistan mundan ozal 2014, 2016, 2017, 2018, 2019 we 2020-nji ýyllarda din azatlygy boýunça Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna girizildi.

2021-nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy bu sanawda Türkmenistanyň ýene galdyrylmagyny teklip etdi.

“2020-nji ýylda Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýy dünýäde iň erbetleriň hatarynda galdy we hiç hili ösüş alamatlaryny görkezmedi” diýip, hasabat aýtdy.

Şeýle-de, halkara komissiýanyň hasabaty Türkmenistanda raýatlaryň din azatlygynyň gödek basgylanmagyna, şol sanda ýurtda resmi hasaba alynmadyk dini toparlaryň yzarlanylmagyna, jezalandyrylmagyna, ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrýan raýatlaryň jezalandyrylmagyna hem-de dini ynanjy sebäpli tussag edilen beýleki raýatlaryň berk düzgünli türme şertlerinde saklanylmagyna salgylandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça reýtingdäki ornuny yzygiderli dördünji gezek gowulandyrýar
ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy: Türkmenistany aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň’ hataryna ýene girizmeli
ABŞ-lary Türkmenistany, Rusýany we Täjigistany dini azatlyklar “görülip-eşidilmedik” derejede bozulýan ýurtlaryň sanawyna goşdy
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistany dini azatlyklar boýunça 'Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň' sanawyna täzeden goşdy
ABŞ Täjigistany we Türkmenistany dini azatlyklary bozýanlaryň sanawyna goşdy. Özbegistan ýörite sanawdan çykaryldy
Dünýäniň täsin ösümlikleri