Bu barasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky İlçisi Elizabet Rud TRT-niň Aşgabatdaky wekiline beýannama berdi.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky täze İlçisi Elizabet Rud Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygyndan soň kabulhanasynda metbugat ýygnagyny geçirdi.
İlçi Rud Russiýa-Ukraina urşy sebäpli gyş aýlaryndan öň energiýa serişdelerine elýeterlilik boýunça kynçylyk çekýän Ýewropa ýurtlary üçin alternatiw hökmünde türkmen gazyna ünsleri çekdi. ABŞ-nyň Prezidentiniň Türkmenistandaky wekilidigini aýdan Rud, TRT-niň “Türkmenistanyň tebigy gazynyn Eýranyň üstaşyr ýa-da Hazar deniziniň aşagyndan Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna akdyrylmagy boýunça taslama Amerikan hökümetiniň garaýyşy bilen bagly soragyna jogap berdi.
İlçi Elizabet Rud soraga: “Türkmen gazyny Hazar deniziniň üstaşyr Türkiýä, ol ýerden hem Ýewropa akdyrjak gaz geçiriji ugrunyň Türkmenistana bähbit getijekdigine ynanýarys. Ol Türkiýä we gaz geçiriji liniýanyň ugrundaky beýleki ýurtlar üçin hem peýdaly bolar. Şeýle hem Ýewropa ýurtlary üçin energiýa howpsuzlygyna uly goşant goşar” diýip, jogap berdi.
ABŞ-nyň tebigy gaz üpjünçiliginde Türkmenistanyň eksport ýollarynyn diwersifikasiýasyny elmydama goldaýandygyny beýan eden Rud, Eýran bilen gazanyljak ylalaşyklar hakynda bolsa Türkmenistanyň strategik sebitde ýerleşýändigini we goňşularyny çalyşmagynyň mümkin däldigini aýtdy. Türkmenistany terrorizme garşy göreşde ABŞ bilen bilelikde hereket etmäge çagyrýandyklaryny aýdan Rud, Amerikan hökümetiniň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we bitaraplygyny elmydama goldaýadnygyny nygtady.
Türkmenistanyň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar golaýda Türkmenistana sapar edip, Hazar deňizinden çekiljek turba geçiriji bilen 20 ýylda 300 milliard m3 gazyň günbataryň bazarlaryna ýetirilmegi hakynda pikir alyşylandygyny beýan edipdi.