ABŞ Türkiye Bilen Gepleşiklere Sabyrsyzlyk Bilen Garaşýar

ABŞ Türkiye Bilen Gepleşiklere Sabyrsyzlyk Bilen Garaşýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Dolanşyk işlerinden jogapkär orunbasary we Syýasy işlerden jogapkär orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Jon Bass, geljek aý Waşingtonda geçiriljek NATO-nyň Sammitinden öň Türkiýäniň eýe bolan ähmiýetini nygtady.

Jon Bass, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde onlaýn metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Daşary işler ministrliginiň syýasy işlerden jogapkär esasy resmisi ýurdunyň NATO-nyň maslahatynyň çäginde türk kärdeşleri bilen stoluň başyna oturmaga “sabyrsyzlyk bilen” garaşýandygyny aýtdy.

Bass, “Lider derejesinde ýa-da resmi wekiliýetleriň arasyndaky duşuşyklarda bolsa, türk hökümeti bilen alýansyň çäginde kollektiw howpsuzlygymyza degişli dürli meseleleriň ýany bilen käbir başga howpsuzlyk meseleleri hakynda-da gepleşiklerimizi dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýdi.

Türkiýe bilen howpsuzlyk meselesinde “başga sebitlerde-de ýakyn hyzmatdaşlyk” edýändiklerini beýan eden Bass, “Türkiýe uzak ýyllardan bäri Alýansyň çäginde kollektiw howpsuzlyga uly goşant goşan ýurt boldy” diýdi.

NATO-nyň Transatlantik ýaranlygyň 75 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriniň çäginde iýul aýynyň 9-11-i aralygynda Waşingtynda liderleriň derejesinde sammit geçirmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär
Sançez NATO-ny Durnukly Bolmaga Çagyrdy
Prezident Erdogan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Gazagystana gider
Prezident Erdogan ertir Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşar
Prezident Erdogan ertir ABŞ-na gider
“Parahatçylyk Üçin Hemaýatkärlige Taýar”