ABŞ Türkiyäniň Galla ylalaşygyna gaýdyp gelmegi üçin Russiýa basyş etmegine kanagatlanma bildirdi

ABŞ Türkiyäniň Galla ylalaşygyna gaýdyp gelmegi üçin Russiýa basyş etmegine kanagatlanma bildirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat geňeşçsi Metýu Miller geçiren metbugat ýygnagynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň awgust aýynda Türkiyä gurajak sapary bilen bagly soraga: "Türkiyäniň Russiýany Gara deňiz Galla başlangyjyna ýaňadandan gaýdyp gelmek üçin eýeleýän roluna kanagatlanma bildirýändigimizi aýtmak isleýärin. Sapar bilen bagly beýanat bermerin" diýip belledi.

Metýu Miller Türkiyäniň Galla ylalaşygyndaky roly barada: "Türk resmiler iň başyndan bäri bu başlangyç üçin ylalaşyga gelinmegine we Russiýany ylalaşygy dowam etdirmäge ynandyrmakda kömek etmek babatynda örän konstuktiwdiler" diýip aýtdy.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan geçen hepde Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň, Türkiyä guramagyna garşylýan sapar bilen bagly: "Entek gün kesgitlenmedi. Emma Daşary işler ministrimiz, Howpsuzlyk gullugymyzyň başlygy, ählisi gepleşikler geçirýärler. Şol gepleşikleriň netijesinde nesip bolsa awgust aýynda şol sapar guralar diýip pikir edýärin" diýip habar beripdi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň global azyk krizisine ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak üçin BMG, Russiýa, Türkiye we Ukraina 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda Stambulda geçirilen dabarada Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygyna gol goýupdylar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Erdogan-Putin duşuşygyna umyt baglaýar
ABŞ Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Ýaraşyk Gepleşiklerini Goldaýar
ABŞ: "PKK-a garşy göreşde Türkiyäniň ýanyndadyrys" diýdi
Ankara Bilen Işleşmäge Dowam Ederis
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Azerbaýjanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi ýurtdaky işiniň tamamlanmagy mynasybetli metbugat maslahatyny geçirdi