ABŞ Türkiýä Ähli Taraplaýyn Kömek Bermäge Taýar

ABŞ Türkiýä Ähli Taraplaýyn Kömek Bermäge Taýar

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekisi Jeýk Salliwan Türkiýede bolan ýer titremesi sebäpli ABŞ-nyň ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardygyny mälim etdi.

Salliwan, Kahramanmaşaryň Pazarjyk etrabynda bolan we goňşy welaýatlarda hem duýulan 7,4 bal ululygynda ýer titremesi barada ýazmaça beýannama berdi.

ABŞ-nyň, Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremesine uly alada bildirýändigini aýdan Salliwan, “Biz ähli taraplaýyn kömek bermäge taýar. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden degişli edaradyr kärhanalara ýer titremesi sebäpli ähli taraplaýyn kömek berilmegi üçin görkezme berdi. Türk hökümeti bilen utgaşykly ýagdaýda mesele bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam ederis” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Belli roman ýene bir gezek ekranlaşdyrylar
Jeýk Salliwan bilen Bin Salman Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Kalyn Ak Tamda Salliwan we Nuland Bilen Duşuşdy
ABŞ we Gruziýa Russiýa garşy ykdysady sanksiýalaryň dowam etdirmelidigini bellediler
​​​​​​​Jeýk Salliwan ABŞ-nyň Prezidenti Baýdeniň Ukraina sapary barada maglumat berdi
ABŞ-nyň wekiliýeti Taýwanda saparda bolýar
ABŞ Ýer Titremeleri Zerarly Doly Goldaw Bermäge Dowam Eder