ABŞ Siriýa Terrorçy Ornaşdyrýar

ABŞ Siriýa Terrorçy Ornaşdyrýar

Amerikan güýçleri, Siriýada, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan basylyp alynan Haseke welaýatyndan Eýran tarapyndan goldanýan toparlaryň aragatnaşyk liniýasyna Ýefrat derýasynyň golaýyndaky merkezlerine 700 terrorçy ornaşdyrdy.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Amerikan güýçleri Hasekedäki Robarýa, Rümeýlan we Şeddadi düşelgelerinden, Eýran tarapyndan goldanýan toparlaryň aragatnaşyk liniýasyna Ýefrat derýasynyň golaýyndaky Koniko we Ömer nebit giňişligi merkezine PKK/ÝPG we araplardan ybarat Sanadid güýçlerinden 700 terrorçy ornaşdyrdy.

Amerikan güýçleri Hasekedäki merkezlerinden mundan başgada 70 ulagdan we Humwee kysymly sowutly ulaglarda ybarat harby kerweni hem Koniko we Ömer nebit giňişligi merkezine ugratdy.

Amerikan güýçleri öňňin hem Yrakdan 4 dikuçar bilen Haseke welaýatyndaky Rümeýlan harby merkezine hünärmen getiripdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Ýene-de 8 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär