Konnektikutdan demokrat senator Kris Morfi ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Eýran bilen gepleşik geçirmegi üçin 12 şertiň hiç biri-de ýerine ýetirilmedi" diýdi.
"Fars" habar gullugynyň habaryna görä "Kris Morfi" Twitterde Trumpyň Eýrana garşy alyp barýan syýasatynyň düýbünden şowsuz bolandygyny ýazmak bilen Pompeo, Eýrana iň ýokary basyş etmek kampaniýasynyň çäginde 12 talap edipdi ýöne olaryň ýekejesi hem ýerine ýetirilmedi diýip yglan etdi.
ABŞ-yň Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasyndan çekilenden soň, Pompeo Eýran bilen gepleşikler üçin 12 şert döretdi, şol sanda Eýranyň ýadro we raketa programmalaryny sökmek we sebitdäki çydam hereketine Eýranyň goldawyny bes etmegidi.
Şol döwürde Trump döwleti ýadro ylalaşygyndan çekilip we ýadro sanksiýalarynyň gaýtadan dikeldilmegi bilen haýbat atyp, Yslam respublikasyny Waşington bilen ýadro we ýadro däl gepleşiklere mejbur etmäge umyt baglady.
Şeýle-de bolsa, Eýranyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň ýokary basyşyna iň ýokary garşylygy Yslam Respublikasynyň howp we gorkuzma astynda ABŞ bilen gepleşik geçirmejekdigini görkezdi.