
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Wedant Patel: “Saud Arabystany ABŞ-nyň strategik taýdan möhüm hyzmatdaşy bolmagynda galýar we ony hasam ösdürmek üçin sabyrsyzlanýarys” diýdi.
Patel beýanatynda ýaara satuwynyň başladylmagy bilen bilelikde Saud Arabystanyna howa we guryýer nyşanalaryna hüjüm maksatly ok-däri satuwynyň hem artjakdygyny mälim etdi.
Beýannamada potensial konwensional ýarag satuwlarynyň edilip bilinjekdigi we onuň iki ýurduň arasyndaky goranyş hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrylmagy taýdan öwrülşik nokady boljakdygy bellenilýär.
Amerikan hökümeti 2021-nji ýylda Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husilere garşy geçiren we agyr ýitgilere sebäp bolan kampaniýany ileri sürüp, resmi Riýada hüjüm ýaragynyň satuwyna embargo goýmaga başlapdy.