Pet Raýder gündelik metbugat ýygnagynda "Ukraina garşy söweşýän Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylar" bilen bagly soraglara jogap berdi.
"Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylaryň Kurskda, rus harby güýçleriniň ýanynda çaknyşyga girendigini çaklaýarys" diýen Raýder, "Hem ýogalan, hem-de ýaralanan harby gullukçylaryň bardygy barada alamatlar bar. Takyk san berip bilmerin, ýöne bu meseläni gözegçilikde saklaýarys" diýip mälim etdi.
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa iberen harby gullukçylarynyň sany bilen bagly soraga Raýder, bilşlerine görä, şol sanyň 12 müňe golaýdygyny beýan etdi.
Harby gullukçylaryň rus güýçleriniň ýanynda "bir hepdeden hem köp wagtdan bäri" çaknyşýandygyny çak edýändiklerini aýdan Raýder, bu harby gullukçylaryň diňe Kursk sebitindedigini aýtdy.
Ukrainanyň Goranma ministrliginiň Razwedka baş müdürliginden berilen beýanatda, Russiýanyň Kursk sebitinde 14-nji we 15-nji dekabrdaky çaknyşyklarda Demirgazyk Koreýaly iň azyndan 30 harby gullukçynyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny öňe sürdi.
Ukrainanyň döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bolsa ýurduna garşy söweşýän Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylaryň materiallaryny paýlaşypdy.