ABŞ, Russiýa Garşy Uzak Aralykly Amerikan Ýaraglarynyň Ulanylmagyna Rugsat Berdi

ABŞ, Russiýa Garşy Uzak Aralykly Amerikan Ýaraglarynyň Ulanylmagyna Rugsat Berdi

ABŞ, Ukraina, rus topraklarynda uzak aralykly amerikan ýaraglarynyň çäklendirlen tertipde ulanylmagyna rugsat berdi.

Amerikan “Waşington Post” gazetiniň Amerikaly ýolbaşçylara esaslanýan habaryna görä, Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet, Ukraina meselesinde täze başlangyç etdi.

Amerikan hökümeti, Demirgazyk Koreýaly esgerleriň Ukraina garşy söweş üçin Russiýa ugradylmagyndan soň Kiýewe, uzak aralykly amerikan ýaraglarynyň Russiýa garşy ulanylmagy boýunça karar kabul etdi.

Şol çäkde ABŞ, Ukraina berlen uzak aralykly taktiki raketa ulgamlarynyň çäklendirlen tertipde rus topraklaryndaky harby güýçlere garşy ulanylmagyna rugsat berdi.

ABŞ-nyň Prezidentligine saýlanan Donald Tramp, 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin tagalla etjekdigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Ukraina, Russiýa Garşy ABŞ-da Öndürlen Raketalary Ulandy
ABŞ we Ukraina minerallar ylalaşygynyň şertleri boýunça ylalaşdy
Goole firmasynyň Gaza urşunda Ysraýyla emeli aň boýunça gizlin goldaw berendigi ýüze çykdy
Tramp Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Elektron wizalar, Türkiýede durmuş guran aýallara ýurtdan çykmaga rugsat berilmegi oňyn ädim synçy
Sony, Universal we Warner emeli aň ulgamyndaky startaplaryň üstünden kazyýete arz etdi