
Tehasyň Döwlet howpsuzlyk departamenti (DPS) neşe maddalaryny satýan kartellerden gözbaş alýan hadysalaryň Meksika baran her kim üçin uly howp emele getirýändigini habar berdi.
DPS-niň ýolbaşçysy Stiwen MakKrou, Meksikadaky wakalara we kartelleriň alyp barýan işlerine ünsleri çekip: "Raýatlara bu günlerde Meksika syýahat etmekden saklanmaklary barada çagyryş berýäris" diýip belledi.
Ady agzalan duýduryş geçen hepde serhedi geçenlerinden gysga wagt soň ABŞ-nyň 4 raýatynyň zamun alynmagyndan soň berildi. Şol adamlaryň 2-si öldürilipdi, 2-si bolsa ýaralanmadan azat edilipdi.
Bazarlaryň birinde egin-eşik satmak üçin Meksika giden ABŞ-nyň 3 zenan raýatynyň hem eýýäm 2 hepdeden gowrak wagt bäri tapylmaýandygy mälim edildi.