ABŞ, Prezident R. T. Erdoganyň Ukraina krizisiniň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin edýän tagallasy bilen ýakyndan gyzyklanýar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň Ukrainanyň bitewiligine goldaw berýändigini nygtady we Prezident Erdoganyň Ukraina krizisiniň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin edýän tagallasy bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny belledi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, Çawuşogly bilen Blinkeniň geçiren telefon söhbetdeşligi barada ýazmaça beýannama berdi.
Beýannamada, telefon söhbetdeşliginde Ukraina krizisiniň çözülmegi üçin NATO agza ýurtlaryň birlikde hereket etmegi meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.
Beýannamada, Çawuşogly bilen Blinkeniň, Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky kadalaşma etaby we ABŞ-nyň bu etaba goldaw bermegi üçin ediljek tagallalar hakynda pikir aşylandygy nygtaldy.
Çawuşogly bilen Blinken, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesini hem ara alyp maslahatlaşdy.