ABŞ: "PKK-a garşy göreşde Türkiyäniň ýanyndadyrys" diýdi

ABŞ: "PKK-a garşy göreşde Türkiyäniň ýanyndadyrys" diýdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Metýu Miller metbugata beren beýanatynda, PKK-nyň ABŞ tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilýändigini ýatlatdy.

Metbugat işgärleriniň biriniň Ankarada birnäçe gün ozal guralan terrorçylykly hüjümiň arkasynda terror guramasy PKK-nyň bardygyny ýatladyp: "Türkiyede uzak möhletden bäri ABŞ-nyň PKK-a we Siriýadaky şahasy ÝPG-e berýän goldawyna garşy öýke-kine bar.

ABŞ, NATO ýarany bolan Türkiye tarapyndan terrorçylyk topar hökmünde kabul edilýän gurama bilen mundan soň gatnaşyklaryny nähili saklamagy meýilleşdirýär?" görnüşdäki soraga Miller: "ABŞ ekstremist terror guramasy PKK-a garşy göreşde NATO ýarany bolan Türkiyäniň we türk halkynyň ýanynda tutanýerlilik bilen durmaga dowam eder" diýip jogap berdi.

ABŞ-nyň Türkiyäniň paýtagtyndaky terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýandygyny aýdan Miller, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny diledi.

Ýene degişli makalalar

NATO-nyň Baş Sekretary Ankarada Saparda Boldy
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreşiň çäginde ýene-de 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi