
ABŞ Pariž howa çalşygy şertnamasyndan çekilýändigi baradaky kararyny resmi taýdan BMG-a bildirdi.
BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Dužarriç metbugata beren beýannamasynda ABŞ-nyň Pariž howa çalşygy şertnamasyndan çekilmek barada karar kabul edendigini aýtdy.
Dužarriç, ABŞ-nyň BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşe ýörite hat ýazyp 2026-njy ýylyň 27-nji ýanwaryndan başlap Pariž howa çalşygy şertnamasyndan çekiljekdigini mälim edendigine ünsi çekdi.
Dužarriç, ABŞ-nyň 2020-njy ýylyň 4-nji noýabrynda hem, 2015-nji ýylda baglaşylan Pariž howa çalşygy şertnamasyndan çekilmek barada karar kabul edendigini ýatlatdy.
Jo Baýdeniň prezidentlik kürsüsine oturmagyndan soň, ABŞ 2021-nji ýylda Pariž howa çalşygy şertnamasyna degişli bolandygyny mälim edipdi.