ABŞ, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde Palestinanyň BMG-na doly agzalygy baradaky karar taslamasyny weto etdi.
Alžir tarapyndan Palestinanyň BMG-na doly agza bolmagy üçin talap edilen karar taslamasy 15 agzalygy BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde sese goýuldy.
ABŞ taslama “garşy” ses berdi.
Britaniýa bilen Şweýsariýa bolsa ses bermekden saklandy.
Russiýa, Hytaý, Fransiýa, Alžir, Malta, Ekwador, Guýana, Sloweniýa, Sýerra-Leone, Mozambik, Günorta Koreýa we Ýaponiýa taslama “kabul” sesini berdi.
Karar tasmalasynda “BMG-nyň Baş Assambleýasyna Palestinanyň doly agzalyga kabul edilmegi maslahat berilýär” diýilýärdi.