ABŞ Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän welaýatlarynda YD-a garşy ýörite operasiýa geçirer

ABŞ-nyň ýörite güýçleri we ýeri harbylar ýakyn günlerde Owganystanyň Farýap we Jowuzjan welaýatlarynda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň söweşijilerine garşy harby operasiýa geçirerler. Афганистан.ру bu habary ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystandaky ýaragly güýçleriniň komandiri, general Jon Nikolsona salgylanyp berdi.

Farýap welaýaty

Neşiriň maglumatyna görä, demirgazyk welaýatlaryň ýaşaýjylary YD söweşijileriniň aktiwleşmeginden alada galýarlar. Şeýle-de olaryň arasynda daşary ýurtly nöker toplaýjylaryň we tälim berijileriň görlendigi aýdylýar.

Nikolsonyň sözlerine görä, bu sebitdäki söweşijiler daşarky kanallar arkaly maliýeleşdirilmekden, goldawdan kesildi we öz ýolbaşçylarynyň täzelenmegi zerarly kynçylyk çekýärler.

Şeýle-de, generalyň sözlerine görä, ABŞ Yrakdaky we Siriýadaky YD söweşijileriniň Owganystana geçirilendigi barada hiç bir tassyknama almady we Owganystandaky toparlaryň hatarynda “Özbegistanyň Yslam hereketine” eýerijiler, şeýle-de Pakistan “Talybanynyň” agzalary söweşýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Owganystanyň demirgazygynda harby operasiýalary geçirmäge taýýarlanýar’
Diňe oýunçylar däl, janköýerlerem sanawa goşular
Ak älemgoşar
25.04.2019 | Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga tarap ugur