ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň ýaşaýjysy Mega Millions lotereýasyna gatnaşyp, 1 mlrd dollar utdy, diýip TASS habar berýär.
Guramaçylaryň bellemegine görä, bu utuş lotereýanyň taryhynda ululygy boýunça ikinji ýerde durýar. Çünki 2018-nji ýylda Günorta Karolina ştatynda 1,5 mlrd dollarlyk utuşly petek satylypdy.Emma Associated Press agentliginiň habar bermegine görä, Miçiganyň ýaşaýjysynyň utuşy ABŞ-nyň taryhynda ululygy boýunça üçünji ýerde durýar.
Mundan başga-da, Associated Press-iň habar bermegine görä, Merilend ştatynda Powerball lotereýasyndan petek satyn alan adam jekpot gazandy.Ol 731 mln dollara eýe bolup biler.Bu tölegiň eýesine gowuşmagy üçin iki şert bar: ýa-ha 731,1 mln dollar 29 ýylyň dowamynda 30 töleg geçirimi arkaly geçiriler, ýa-da 546,8 mln dollar möçberinde birbada töleg ediler.