ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň täze başlygy saýlandy

ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň täze başlygy saýlandy

Respublikaçy Kewin Makkarti ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň başlygy wezipesine saýlandy diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Report.az ýazýar.

Habarda Makkartiniň wezipä saýlanmak üçin gerek bolan sesleri 15-nji gezek geçirilen ses berlişikde alandygy aýdylýar. Öňki ses berlişiklerde oňa resmi taýdan bu wezipä bellenmek üçin gerek bolan sesleri toplamak başartmady, Makkartä şol sanda partiýadaşlarynyň hem ses bermek islemändigi bellenýär.

Ses berlişigiň netijeler boýunça Makkarti sesleriň 216-syny, onuň esasy garşydaşy, demokratlardan bolan Hakim Jefris 211-sini aldy.

Ýene degişli makalalar

Wekiller palatasynyň täze başlygy
ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda Saýlaw Ýene-de Netijesiz Boldy
Wekiller palatasynyň täze spikeri
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Afrikada ýylyň futbolçysy baýragynyň ýeňijisi belli boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda