ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygy saýlandy

Amerikan kanun çykaryjysy Maýk Jonson Wekiller palatasynyň başlygy wezipesine saýlandy. Jonson ýeňiş gazanmak üçin ýeterlik bolan 220 sese eýe boldy.

– Luiziana ştatyndan Maýk Jonson sesleriň köplügine eýe boldy we düzgüne laýyklykda, palatanyň başlygy wezipesine saýlandy diýip, spikeriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Patrik Makgenri aýtdy.

Respublikaçylaryň aglaba köplügi ýapyk ses berişlikde Jonsonyň Wekiller palatasynyň başlygy wezipesine hödürlenmegini makullady. Bu wezipe ABŞ-nyň hökümetiniň iýerarhiýasynda üçünji möhüm wezipedir. Mundan öň wekiller palatasy üç gezek spikeri saýlap bilmedi.

Jonson şu wagta çenli känbir tanalmaýan kongresmendi. Ol ABŞ-nyň Kongresiniň aşaky palatasynyň kazyýet komitetiniň agzasydyr. Şeýle hem ol Amerikanyň öňki Prezidenti Donald Trampyň berk tarapdary hasaplanýar.

3-nji oktýabrda Wekiller palatasynyň aglaba köplügi Kewin Makkartiniň spiker wezipesinden çekilmegini goldady. ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek Wekiller palatasynyň başlygy wezipesinden çekildi. Makkarti işinden çekilenden soň, kongresmenler Jim Jordan we Stiwen Skalis onuň mirasdüşeri hasaplandy. Şeýle-de bolsa, olar içerki partiýanyň bölünişiginden üstün gelip, kanun çykaryjylaryň zerur goldawyny alyp bilmediler.

Täze spiker saýlanýança, kongresiň aşaky palatasynyň işi bökdedi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Wekilleri Palatasynyň täze başlygy belli boldy
BSGG COVID-19-yň gelip çykyşy baradaky derňewleriň netijesini mälim eder
Zähmet soňy rehnet
Çal we gaharlynyň 10-njy bölüminiň görkeziljek wagty belli boldy
Baba kesbi agtyga halal: Muhammet Aliniň agtygy ilkinji urşunda ýeňiş gazandy
Muhammed Aliniň agtygy karýerasyna nokaut bilen başlady