ABŞ-nyň we Ysraýylyň Goranmak Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň we Ysraýylyň Goranmak Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, Ysraýylyň Goranmak ministri Gallant bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministr Ostin X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, ysraýylly kärdeşi Gallant bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

Ostin, telefon söhbetdeşliginde Gazanyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäherinde ýogalan 23 ýaşyndaky amerikaly Polin bilen birlikde 6 ýesir hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Ýesirleriň hossarlaryna gynanç bildiren Ostin, Gallant bilen ähli ýesirleriň boşadylmagy hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Ostin ähli ýesirleriň boşadylmagy üçin gysga wagtda ylalaşyk gazanylmagynyň möhümigini ýatlatdy.

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen beýannamda, Gaza Sektorynyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäherinde bir tunelde ysraýylly 6 ýesiriň jesediniň tapylandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçar Gämisini Ugratdy
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu, ABŞ-nyň Goranmak Ministri Bilen Duşuşdy
ABŞ-nyň we Ysraýylyň Goranmak Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
ABŞ Ysraýyla Goldawyny Dowam Etdirer
ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
Ýaşar Güler Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbedeş Boldy