ABŞ-nyň we Ysraýylyň Goranmak Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň we Ysraýylyň Goranmak Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen Ysraýylyň Goranmak ministri Gallant, Hamas bilen ýesir çalşygy meselesinde geçirlen gepleşikler we Rafahda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Ministr Ostin, Ysraýylly kärdeşi Gallant bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ýesir çalşygy meselesinde geçirlen gepleşikler, Rafahda başdan geçirilýän soňky wakalar we ynsanperwer kömek hakynda pikir alyşdy.

Ministr Ostin, ähli ýesirleriň şertsiz boşadylmalydygyny, Ysraýylyň Rafaha gurajak gury ýer hüjüminiň palestinaly asuda ilatyň sebitden çykarylmagyny we halka yzygiderli ýagdaýda ynsanperwer kömeginiň berilmegini öz içine almalydygyny nygtady.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Hamas ysraýylly ýesirleriň boşadylmagy üçin berlen teklibi kabul etmedi.

Ysraýyň resmilerine görä, Gaza Sektorynda 130-den gowrak ysraýylly ýesir bar.

Ýene degişli makalalar

Milli Goranmak Ministri Güler Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
ABŞ-nyň we Ysraýylyň Goranmak Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçar Gämisini Ugratdy
ABŞ Ysraýyla Goldawyny Dowam Etdirer
Ostin Diplomatik Tagallalaryny Dowam Etdirýär
Ýaşar Güler, NATO-nyň Goranmak Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy