ABŞ-nyň we Ukrainanyň Goranmak Ministri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň we Ukrainanyň Goranmak Ministri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministriniň orunbasary Sabrina Sinh mesele hakynda beren beýannamasynda iki kärdeşiň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini nygtady.

Sinh, Ostin bilen Umerowyň Ukraina berilýän harby kömek hakynda pikir alyşandygyny aýtdy.

Sabrina Sinh “Ministr Ostin, ABŞ-nyň Ukraina kömek bermäge dowam etjekdigini ýene-de bir gezek nygtady” diýdi.

Ukrainanyň harby goşunynyň 6-njy awgustda Russiýanyň Kursk sebitine girmegi bilen iki ýurduň harby goşunyň arasynda başlan güýçli çaknyşyklar dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaşar Güler amerikaly we ukrainaly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
ABŞ Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder
Ýaşar Güler, NATO-nyň Goranmak Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
Ýaşar Güler Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbedeş Boldy