ABŞ-nyň Uçar Gämisi Ýakyn Gündogara Bardy

ABŞ-nyň Uçar Gämisi Ýakyn Gündogara Bardy

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTKOM, Eýran bilen Ysraýylyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyk sebäpli sebite ugradylan USS Abraham Linjoln uçar gämisiniň Ýakyn Gündogara barandygyny mälim etdi.

CENTKOM-yň X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “F-35J we F/A-18 Blok III harby uçarlary bilen üpjün edilen USS Abraham Linkoln, ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeliginiň jogapkärçiligi astyndaky zolaga bardy”diýildi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, 31-nji iýulda Hamasyň syýasy lideri İsmail Haniýýeniň we Hizbullahyň liderlerinden Fuad Şükrüniň öldürilmeginden soň Eýran we hyzmatdaşlary tarapyndan Ysraýyla guralyp bilinjek hüjümler sebäpli uçar gämisiniň Ýakyn Gündogara ugradylmagy boýunça görkezme beripdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Ýakyn Gündogardaky Ýagdaý Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar
ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçar Gämisini Ugratdy
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
Ýaşar Güler Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbedeş Boldy
Abrams Tanklary Ukrainada Peýdalanylmaga Başlanar