ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň ornuna kandidat Mätýu Klimow beýanat etdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň ornuna kandidat, bu wezipä martyň ortasynda prezident Donald Tarapyndan hödürlenen Mätýu Klimow (Matthew S. Klimow) 16-njy maýda beýanat bilen çykyş edip, öz kandidaturasy bu wezipä tassyklanan ýagdaýynda etjek işleri hakynda gürrüň berdi.

Onuň çykyşynyň original tekstini iňlis dilinde şu salgydan tapyp bilersiňiz. Çykyşyň gysgaça terjimesini berýäris.

Mätýu Klimow (Matthew S. Klimow)

Klimow Owganystan we Eýran bilen uzyn aräçägi bolan Türkmenistanyň geosyýasy ähmiýetini nygtady, uly möçberde gäz ätiçýaçlyklarynyň bolmagy bilen Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlary we beýleki regionlar bilen baglaýjy halka bolup biljekdigini aýtdy.

Klimow merkezi aziýa ýurdunyň çynlaýkaý problemasynyň çylşyrymly goňşulary, ynamdar däl serhetleri, terrorçylyk we neşe gaçakçylygy bolup durýandygyny belledi.

Mundan başga, onuň pikiriçe, Aşgabada Orsýet we Hytaý çynlakaý ykdysady we syýasy basyş görkezýär.

Klimow, öz kandidaturasy tassyklanan ýagdaýynda, Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak ugrunda edýän tagalallaryny goldamagy wada berdi. Mundan başga, onuň pikiriçe, Amerika Türkmenistan üçin türkmen raýatlarynyň hasabyna öz ykdysady we syýasy bähbitlerini güýçlendirýän Hytaý we Orsýet babatynda garşylykly agram we oňyn alternatiwa bolmaly.

Şeýle-de beýanatda Türkmenistana ykdysady problemalaryny çözmäge goldaw bermek, onuň regional we global bazarlara integrasiýasyny güýçlendirmek barada aýdyldy, munuň amerikan maýadarlary üçin täze mümkinçilikleri açmak ähtimallygy bellendi.

Şeýle-de Klimow türkmen gazynyň eksportynyň Hazar deňziniň üsti bilen we Günorta Aziýa tarapyna diwersifikasiýa edilmegine goldaw berjekdigini aýtdy.

Kandidat çylşyrymly ýagdaýlar barada durup geçip, senzurany we ilatyň garaşsyz maglumat serişdelerine elýeterliliginiň ýokdugyny, adam hukuklarynyň bozulýandygyny, şol sanda pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylýandygyny we din azatlygynyň çäklendirilýändigini agzady, bu ugurda işlemegi wada berdi.

“Men bu ugurlarda öňegidişligiň erjel dialogyň kömegi bilen gazanylyp boljagyna ynanýaryn” diýip, Klimow aýtdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky baş ilçisiniň wezipesine Elizabet Rud hödürlendi
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Raşid Meredow ABŞ-nyň Daşary işler gullugynyň baş müdiri bilen duşuşdy
Oraza baýramy: Metjitlerde baýram namazyna baran adamlardan sanjym kepilnamasy talap edildi
Oraza baýramy: Metjitlerde baýram namazyna baran adamlardan sanjym kepilnamasy talap edildi
Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
USAID Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny berkitmäge ýardam berýär