Somaliniň metbugaty Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Sionist režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin bu ýurda basyş edýändigini habar berdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Al-Sumal Bal Arabiya ýekşenbe güni twitter hasabynda şeýle ýazypdyr: "Käbir habarly çeşmelere görä Somali hökümeti Ysraýyl režimi bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin Donald Trumpyň döwleti tarapyndan syýasy basyşlara gabat gelip durandyr".
Habarda Somaliniň prezidenti Muhammet Farmaajo ABŞ-nyň basyşyna garşydygy aýdylýar.
Geçen anna güni ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump Sudan bilen Sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşýandygyny habar berdi.
Mundan ozal hem ABŞ-nyň arap režimleri bilen sionist režiminiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryndan soň Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýn diplomatik gatnaşyklaryň doly kadalaşmagy barada Ysraýyl bilen ylalaşdylar.
Bu şertnamalar Yslam dünýäsinde giňden tankyt edildi.
Arap režimleriň Ysraýylyň palestinalylary basgylamakdan başga-da ençeme ýyl bäri arap-yslam sebitlerini basyp alýarka, bu režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmaga synanyşýar.