ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady

ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senaty Elizabet Rudy ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenmegini tassyklady. Bu barada ABŞ-nyň Senatynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Rud 2022-nji ýylyň awgust aýynda Prezident Jo Baýden tarapyndan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlendi.

Mundan ozal Elizabet Rud ABŞ-nyň Harby kollejinde fakultet geňeşçisi, ABŞ-nyň Gruziýanyň Tbilisi şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary, ABŞ-nyň Russiýadaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili wezipelerinde işledi.

Şeýle hem ol ABŞ-nyň Owganystanyň paýtagty Kabuldaky ilçihanasynda Syýasy meseleler boýunça geňeşçi bolup işledi, Ýewropa we Ýewraziýa Býurosyndaky Kawkaz we sebit konfliktleri bölümine ýolbaşçylyk etdi, Pakistanyň Peşawar şäherindäki ABŞ-nyň Baş konsullygynyň Baş hünärmeni bolup zähmet çekdi, Döwlet departamentiniň Owganystanyň günorta-gündogaryndaky welaýat Dikeldiş toparynyň wekili, Nagorno-Garabag, Abhaziýa, Günorta Osetiýa we Pridnestrowýedäki konfliktler boýunça ABŞ-nyň ýörite gepleşikleri geçirijisiniň orunbasary wezipesinde hem işledi.

Rud Demirgazyk Karolina ştatynyň Keri şäherinde dünýä indi. Ol Merilend uniwersitetinde magistr we Rendolf-Meýkon aýallar kollejinde okap ynsanperwer ylymlary boýunça bakalawr derejelerini alýar. Diplomat fransuz, rus, nemes, puştun, dari we gruzin dillerinde gürleýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. 2019-njy ýyldan bäri Mettýu Stiwen Klimow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow öz işini tamamlady
ABŞ Türkmenistandaky täze ilçisini tassyklamak baradaky meselä sereder
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
1-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze ilçisini kabul etdi