ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky Wekilhanasyndan berilen beýannama görä Tomas Grinfield Siriýanyň halkyna goldaw temaly maslahata gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele guran saparynyň dowamynda Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal bilen duşuşdy.
BMG-niň, Türkiýäniň Jilwegözi gümrük geçelgesinden Siriýa berilýän serhetaşa kömekleriň yzgiderliligi boýunça pikir alyşan Tomas Grinfield, Türkiýäniň kabul eden 3,7 milliondan gowrak bosguna edýän adatdan daşary jomartlygy üçin Sedat Önala sagbolsun aýtdy.
Grinfield bosgunlaryň Siriýa dolanyp barmagynyň bolsa howpsuz, abraýly we meýletin bolmalydygyny aýtdy.
Amerikanyň resmisi Türkiýä aýratynam Russiýa tarapyndan 24-nji fewraldan söweş yglan edilen Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine berýän goldawy bilen ukrain halkyna eden kömekleri üçin sagbolsun aýtdy.