Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jennifer Psaki, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ýewropa syýahadyna Polşanyň hem goşulandygyny habar berdi.
Jo Baýden, çarşenbe güni ilki bilen Brýussele gider we penşenbe güni NATO maslahatyna gatnaşar. Baýden soň bolsa G7 maslahatyna we ondan soň Ýewropa Geňeşiniň sammitine gatnaşar.
Jo Baýdeniň anna güni Polşanyň paýtagty Warşawa şäherine geçmegine we şenbe güni Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.
ABŞ bilen Polşanyň arasynda Ukraina SSSR-den galan harby uçarlaryň ugradylmagy bilen bagly düşünişmezçilik başdan geçirilipdi, Waşington soňky gezek bolsa ady agzalan meýilnamanyň goý bolsun edilendigini mälim edipdi.