ABŞ-nyň Tehas ştatynyň iň uly şäherlerinden biri bolan Planonyň häkimi Jon Muns, 29-njy oktýabry şäherde “Türkiýe Respublikasynyň güni” hökmünde yglan etdi.
Tehasdaky türk jemgyýetine wekilçilik edýän TURKSOTX jemgyýeti tarapyndan Respublikanyň 101 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede sunagt ussatlary Ferhat Göçer, Müžde Kyzylkan we Iskerder Paýdaşyň orkestry çykyş etdi.
Çärä gatnaşan şäher häkimi Muns, 29-njy şäherde “Türkiýe Respublikasynyň güni” hökmünde yglan etdi.
Mesele baradaky jarnamada, Türk-Amerikan jemgyýetiniň Planonyň galkynyşyna uly rol oýnaýandygy nygtaldy.
Jarnamada “Men Planonyň şäher häkimi Jon Muns, 29-njy oktýabry sişenbe günini şäherde Türkiýe Respublikasynyň güni hökmünde yglan edýärin. Pursatdan peýdalanyp bu asyrlyk ýyly gutlamak üçin raýatlary şäher häkimliginiň mejlisine gatnaşmaga çagyrýaryn” diýdi.